Türkmenistanda döwlet emläginiň 36-sy hususylaşdyrylar. Şunuň bilen baglylykda, 11-nji aprelde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde, söwda platformasynda we bu platformanyň ykjam goşundysynda bäsleşikli söwda geçiriler.
Hususylaşdyrylmaga degişli döwlet emläkleriniň hatarynda 25 500 inedördül metr meýdany bolan maldarçylyk we guşçulyk fermasy, Lebap welaýatyndaky «Döwrebap» söwda we dynç alyş merkezi (8 800 inedördül metr), Daşoguz welaýatyndaky turba zawody (6 400 inedördül metr) we Aşgabatda meýdany 4300 inedördül metr bolan «Nur Zaman» hojalyk birleşiginiň dolandyryş binasy ýaly iri desgalar hem bar.
Şeýle hem bäsleşikli söwda dükanlar, kafeler, naharhanalar, saglyk merkezi, edara binalary we önümçilik desgalary ýaly, hyzmat pudagyna degişli desgalaryň hem birnäçesi çykarylar.
Bäsleşikli söwda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlaryna, şeýle hem Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň döwlete dahylsyz guramalaryna gatnaşmaga rugsat berilýär. Oňa gatnaşyjylaryň hemmesi ilki bilen hususylaşdyryljak desgalar baradaky maglumatlar bilen tanşyp bilerler.
Bäsleşikli söwda gatnaşmagyň tertibi boýunça maslahatlar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň emläk gatnaşyklary we telekeçilik goldawy bölümi we beýleki ýöriteleşdirilen bölümleri tarapyndan berilýär.