Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 3-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini we býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Wise-premýer häzirki wagtda döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini hem-de makroykdysady durnuklylygyň yzygiderli üpjün edilýändigini aýtdy.

Ýurduň senagat-innowasion kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, önümçilik we durmuş maksatly täze desgalaryň gurluşygyna we innowasion önümçilikleriň ýola goýulmagyna uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär. Şonuň netijesinde täze iş orunlary döredilip, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar we döwletiň salgyt ulgamyny kämilleşdirmek boýunça zerur ädimler ädilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň we býujet syýasatyny has-da kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurdaky işleri işjeňleşdirmegi we ýurduň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek boýunça degişli çäreleri dowam etdirmegi tabşyrdy.