Arkadag şäherinde maliýe we ykdysadyýet toplumynyň degişli düzümlerine ýolbaşçylar bellendi. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow 25-nji martda Arkadag şäheriniň guramaçylyk meseleleri boýunça geçirilen mejlisde habar berdiler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Arkadag şäher maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygy wezipesine Serdar Kakageldiýewiç Öwezberdiýew;
Arkadag şäher salgyt müdirliginiň başlygy wezipesine Şyhmuhammet Abdylgapbarowiç Şyhymow;
Arkadag şäher statistika müdirliginiň başlygy wezipesine Döwletgeldi Aşyrmuhammedowiç Annaberdiýew;
Arkadag şäheriniň Pensiýa gaznasynyň müdirliginiň başlygy wezipesine Mämmetmyrat Ammannazarowiç Berdiýew;
Arkadag şäher Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň başlygy wezipesine Şirmyrat Seýitgulyýewiç Hojamuhammedow;
Arkadag şäher Döwlet ätiýaçlandyryş müdirliginiň başlygy wezipesine Gökçeamangeldi Döwletgeldiýewiç Paýçyýew;
Arkadag şäheriniň Merkezi bankynyň başlygy wezipesine Hojamyrat Ataýewiç Annaýew;
Arkadag şäheriniň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy wezipesine Amandurdy Kakadurdyýewiç Baýlyýew;
Arkadag şäheriniň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň başlygy wezipesine Şanazar Dörtgulyýewiç Bäşimow;
Arkadag şäheriniň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy wezipesine Yhlas Jumamyradowiç Orazberdiýe;
Arkadag şäheriniň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň başlygy wezipesine Arslan Pirdurdyýewiç Nazarow bellenildi.