Fitch agentligi 2023-nji ýylda ählumumy ykdysady ösüşi 2,0% diýip çaklaýar.

Dekabr aýynda Fitch dünýä ykdysadyýetiniň ösüşini 1,4 göterim diýip çaklapdy.

2023-nji ýylda ählumumy ösüşiň geljegi dekabr aýyndan bäri ep-esli gowulaşdy diýip, Fitch Ratings soňky «Ählumumy ykdysadyýetiň geljegi» atly hasabatynda belleýär. Şeýle-de bolsa, hümmetiň ýokarlanmagynyň hakyky ykdysadyýete etjek täsiriniň entek öňdeligi, munuň üstümizdäki ýylyň ahyrynda ABŞ-nyň ykdysadyýetinde çökgünlige sebäp bolup biljekdigi nygtalýar.

Hytaýyň 2023-nji ýyldaky ösüş çaklamasy dekabr aýynda 4.1% bolanlygyndan 5.2%-e, ýewro zonasynyň ösüşi 0,2% bolanlygyndan 0,8%-e, ABŞ-nyň ösüşi 0,2%  bolanlygyndan 1,0% -e çenli ýokarlandy.