Şu gün, 17-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän sergi 23-nji marta çenli dowam eder.
Sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Prezident Serdar Berdimuhamedow: «Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýurdumyzyň ösüşine goşýan mynasyp goşantlary, gazanýan üstünlikleri bizi buýsandyrýar. Geçen 15 ýylda birleşmäniň agzalarynyň ýeten sepgitleri hususy pudagyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülendigine şaýatlyk edýär» - diýip belledi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimiziň çalt depginde ösýän hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamagy dowam etdirmek, bazar gatnaşyklarynyň täze tapgyrynda innowasiýalara esaslanýan işewürligi ýokary bilimli, kämil hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynyň düýbüniň tutulandygyny belledi. Bu ýokary okuw mekdebi milli hünär bilimi ulgamynyň öňdebaryjy, sebitde iri halkara derejeli bilim ojaklarynyň biri bolar.
Sergä TSTB-niň agzalarynyň 200-den gowragy gatnaşýar.