Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 26-njy iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini gurady. Hökümetiň onlaýn maslahatynda döwlet durmuşynyň möhüm ugurlaryna we dürli pudaklardaky meselelere seredildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek, raýatlaryň hukuklaryny goramak we döwlet maksatnamalaryny goldamak boýunça edilýän işler barada habar berdi. Şeýle hem ol HHR-nyň ilçisi bilen geçirilen duşuşyk we halkara guramalar bilen bilelikdäki okuw maslahatlary barada aýtdy. Döwlet Baştutany hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagy dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.
Ýangyç-energetika toplumy barada hasabat beren wise-premýer Guwanç Agajanow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmak baradaky teklibi hödürledi. Prezident bu taslamany makullap, degişli görkezmeleri berdi.
Oba hojalygynda alnyp barylýan işler barada wise-premýer Taňryguly Atahallyýew maglumat berdi. Ýurtda galla oragynyň gyzgalaňly dowam edýändigi, gowaça ideg işleriniň, şaly we gant şugundyrynyň ekişiniň hem-de gök-bakja hasylyny ýygnamagyň barşy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz galla oragyny gysga wagtda tamamlamagy we daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy.
Energetika pudagy boýunça wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow elektrik stansiýalarynyň we ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek baradaky teklibi goldady.
Dokma senagatynda täze önümçilikleri açmak barada wise-premýer Nökerguly Atagulyýew çykyş etdi. Ol Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde galyndylary gaýtadan işläp, täze önümleri öndürmek taslamasyny hödürledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz eksport mümkinçiliklerini artdyrjak bu teklibi makullady.
Medeniýet ulgamynyň ýolbaşçysy Bahar Seýidowa baýramçylyk gutlaglaryny ýetirip, 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek baradaky Kararyň taslamasyny hödürledi. Prezident degişli Karara gol çekdi hem-de halkymyzy Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlady.
Ylym-bilim ulgamynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň “Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly täze ylmy-amaly elektron žurnalyny döretmek meýilleşdirilýär. Wise-premýer Batyr Mämmedowyň hasabatyny diňläp, döwlet Baştutanymyz ýaş alymlary goldajak bu žurnalyň döredilmegini makullady.
Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysynyň geljek aýda ýurdumyza etjek saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Ulag, ekologiýa we maliýe ugurlary boýunça resminamalaryň taýýarlanandygy aýdyldy. Prezident bu bank bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy ösdürmegi tabşyrdy.
Ulag ulgamynda bolsa wise-premýer Batyr Annaýew awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak boýunça teklipleri ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi görkezdi.
Hökümet mejlisiniň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we degişli çözgütler kabul edildi.