Şu gün Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmen-tatar işewürler maslahaty açyldy. Bu çäre Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Işewürler maslahatyna iki ýurduň döwlet gurluşlarynyň, pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem dünýä belli «Tatneft», «Wneşnetorgowaýa kompaniýa «KAMAZ», «Kazanskiý wertoletnyý zawod» paýdarlar jemgyýetleri ýaly Tatarystanyň döwlet we hususy kärhanalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary gatnaşýar.

Maslahatda türkmen tarapyna Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew, Russiýanyň wekiliýetine bolsa Tatarystanyň Premýer-ministriň orunbasary, senagat we söwda ministri Oleg Korobçenko ýolbaşçylyk edýär.

Forumyň çäginde Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar meýilleşdirilýär.