Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi üstünlikli dowam edýär. Hepdeligiň dördünji güni hem medeni ähmiýetli çärelere baý bolup, olaryň guramaçylykly geçirilmegi hepdeligiň esasy maksadyna laýyk gelýär. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.

Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününiň çäklerinde irden “Gadymy Dehistan” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda “Taryhy-medeni ýadygärlikleriň öwrenilmeginiň we rejelenmeginiň häzirki zaman usullary” atly meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet maslahaty geçirildi.

Döredijilik forumyna gatnaşyjylar Watanymyzyň geçmişini taryhy-medeni ýadygärlikleriň üsti bilen öwrenmekde arheologiýa ylmynyň ähmiýetiniň uludygyny belläp, bu barada alym Arkadagymyzyň: «Arheologiýa bizde ylmyň ösüşi üçin geljegi has uly bolan pudaklaryň biridir. Munda geljek nesilleriň, janypkeş barlagçylaryň öňünde ylmy açyşlar etmäge döredijiligiň giň meýdany açylýar» diýen jümlelerine ýüzlendiler.

Hepdeligiň dördünji gününde Balkan welaýat kitaphanasynda täze neşir edilen we sesli kitaplaryň, täze döredilen elektron kitaplaryň saýtynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar kitabyň ähmiýeti barada aýratyn durup geçdiler.

Diýarymyzda öňdebaryjy tehnologiýalara, iň gowy dünýä tejribesine esaslanýan ýörelgelere laýyklykda, sesli kitaplar, täze döredilen elektron kitaplaryň saýty halk köpçüligine ýetirildi. Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar olar bilen giňişleýin tanyşdyryldy.

Hepdeligiň dördünji gününiň maksatnamasyndaky çäreler Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde dowam etdi. Bu ýerde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň aýdym-saz we döredijilik toparlarynyň konserti boldy. Onda ýaş zehinler çeper döredijilige, milli sungata bolan höwesini görkezdiler.

Günüň ikinji ýarymynda Balkan welaýat kitaphanasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, žurnalistleriň, şol sanda ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda brifing geçirildi.

“Emeli aňyň ösýän şertlerinde media ulgamynda täze mümkinçilikler” diýlip atlandyrylyp, utgaşykly görnüşde geçirilen brifingde çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda halkymyzyň durmuşyna döwrebap innowasiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylýandygyny nygtadylar. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çykyşlarynda türkmen kärdeşlerine Medeniýet hepdeliginiň üstünlikli geçýändigi mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler hem-de onuň çäklerinde geçirilýän çäreleriň ähmiýetine ünsi çekdiler.

Giň gerimli döredijilik forumynyň dördünji gününiň medeni çäreleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda jemlendi. Bu ýerde kino sungatynyň ussatlary bilen duşuşyk geçirildi, şeýle hem Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan surata düşürilen filmiň görkezilişi boldy.