Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekin şäherinde 2026-njy ýylyň 22-28-nji iýuny aralygynda «Kanun çykaryjy edaralaryň ornuny ýokarlandyrmak we Hytaý – Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygyny berkitmek» atly okuw maslahatyna gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi.

Okuw maslahaty Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny, kanun çykaryjylyk ulgamynda özara tejribe alşylmagyny, sebitara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyny maksat edinýär hem-de dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ösüş meýillerini nazara almak bilen, ösüş strategiýalarynyň utgaşdyrylmagyna hem-de özara bähbitli we inklýuziw ykdysady hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine gönükdirilendir.

Okuw maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili öz çykyşynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň iki döwletiň Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde özara hormat goýmak, ynanyşmak we deňhukuklylyk esasynda yzygiderli ösdürilýändigini we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi.

Çykyşda sebit derejede yzygiderli guralýan çäreleriň, duşuşyklaryň, forumlaryň, okuw maslahatlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze çemeleşmelerini işläp düzmek üçin möhüm meýdança bolup durýandygy nygtaldy.

Çärä gatnaşyjylar ýokary guramaçylykly guralýan okuw maslahatynyň ýurtlaryň arasynda kanunçykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmaga, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýändigini bellediler.