Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew Bütindünýä bankynyň ýerine ýetiriji direktory Dominik Fawr bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler.
Duşuşykda esasy temalaryň biri Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky tarapyndan Türkmenistanda COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek üçin bölünip berlen 20 million amerikan dollarlyk taslama barada boldy. Şunuň bilen baglylykda, ministr S.Joraýew bölünip berlen serişdeleriň ep-esli böleginiň üstünlikli özleşdirilendigini we Türkmenistanyň pandemiýa garşy taýynlygyny güýçlendirmäge gönükdirilendigini nygtady.
Dominik Fawr öz gezeginde ýurduň bu taslamany durmuşa geçirmekde sebitiň öňdebaryjy döwletidigini belläp, Bütindünýä bankynyň degişli mesele boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi. Hususan-da, Türkmenistan tarapyndan gyzyklanma bildirilen halatynda taslamanyň möhletiniň uzaldylmagynyň we goşmaça serişdeleriň bölünip berilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de taraplar Türkmenistanda miwe we gök önümleri öndürijilerine goldaw bermeklige gönükdirilen bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilişi boýunça pikir alyşdylar.
«Ýaşyl energetika» pudagynda Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljeginiň bardygy bellenildi. Mundan başga-da, Bütindünýä banky tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynda — Özbegistanda, Täjigistanda, Gyrgyzystanda we Gazagystanda durmuşa geçirilýän taslamalar mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna mysal hökmünde görkezildi.