Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, awtobenzini we uçar kerosinini satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçilerine portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 39 million 900 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, şeýle hem el halylary satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 32 million 617 müň manatdan gowrak boldy.
Çeşme: www.tdh.gov.tm