Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň direktory Güljemal Çaryýewanyň ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň 15–17-nji iýunynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň milli çykyşynda Türkmenistan Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine berk ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle hem Şertnamanyň gol çekmek üçin açylmagynyň 30 ýyllygy we Türkmenistanyň oňa goşulmagynyň 30 ýyllygy aýratyn bellenildi.

Çykyşda Türkmenistanyň Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy, şol sanda Halkara gözegçilik ulgamynyň PS44 «Alibek» seýsmiki stansiýasynyň işleýşi hem-de gözegçilik we barlag ulgamlary boýunça milli mümkinçilikleri pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler aýratyn nygtaldy.

Türkmenistan mundan beýläk hem Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, halkara parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, şeýle hem ählumumy barlag ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.