15-nji martda Aşgabatda türkmen-tatar işewürlik maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Oňa görülýän taýýarlyk barada 10-njy martda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Atdaýew döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bu maslahata Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar toparynyň agzalary bolan döwlet we pudaklaýyn edaralaryň wekilleriniň, Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň dürli pudaklarda işleýän kompaniýalarynyň birnäçesiniň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy, onuň sebitleri, hususan-da, Tatarystan Respublikasy bilen dürli ugurlardaky däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi.

Döwlet Baştutany netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň we düzümleýin taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň aýdyň görkezijisi bolup durýandygyny belläp, wise-premýer B.Atdaýewe ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň göz öňünde tutulan meýilnamalaryny durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.