Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa şanly 80 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

«Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de bu gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Donald Trampa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.