Türkmenistanyň banklary şu ýylyň 2 aýynda 56 müňden gowrak töleg kartyny resmileşdirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maglumatlarynda mälim edilýär.

Türkmenistanda ulanylýan töleg kartlarynyň iň köp bölegi «Daýhanbank» we «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banklary tarapyndan resmileşdirildi. Häzirki wagtda «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň töleg kartlaryny ulanýanlaryň sany 1 million 870 müňden, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň töleg kartlaryny ulanýanlaryň sany hem 1 million 20 müňden geçýär.

1-nji mart ýagdaýyna görä, Türkmenistanda «Internet bank» hyzmatyny ulanýanlaryň sany 954 müňden, «Mobil bank» hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sany hem 62,5 müňden geçýär.