17-nji martda sagat 10:00-da Türkmenistanda döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwda geçiriler.
Döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça bäsleşik söwda platformasynda we bu platformanyň ykjam goşundysynda hem geçiriler.
Bäsleşikli söwdada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine, «Türkmenawtoulaglary» agentligine,
Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine, «Türkmenhaly» döwlet birleşigine, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine, Aşgabat şäher, Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýat häkimliklerine degişli desgalaryň 37-si hususy taraplara hususylaşdyrmaga hödürlenýär.
Bäsleşikli söwda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda geçiriler. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.
Bäsleşikli söwdanyň düzgünleri we hususylaşdyryljak desgalaryň sanawy bilen «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň 27-nji fewraldaky sanyndan tanşyp bilersiňiz.