Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda nobatdaky wideoaragatnaşyk maslahatyny gurady. Onuň dowamynda ýurdumyzyň agrosenagat toplumyndaky möwsümleýin işleriň barşy we sebitleri ösdürmek boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi jidli seljerildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Welaýat ýolbaşçylary we wise-premýer häzirki wagtda Diýarymyzda galla oragynyň guramaçylykly alnyp barlyşy, däne ýygýan kombaýnlaryň, awtoulaglaryň we kabul ediş punktlarynyň doly güýjünde bökdençsiz işledilişi barada hasabat berdiler. Lebapda däne oragy güýçli depginde dowam edýän bolsa, Ahal we Mary welaýatlarynda hem bu möwsüme guramaçylykly girişildi, Balkan we Daşoguz sebitlerinde bolsa soňky taýýarlyk işleri tamamlandy. Bugdaýdan boşan meýdanlarda eýýäm sürüm işlerine utgaşykly başlandy.

Şonuň bilen birlikde, gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak ýaly agrotehniki çäreleriň bellenen möhletlerde amala aşyrylýandygy bellenildi. Şeýle hem ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak we azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça wezipeler ýerine ýetirilýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekişi üstünlikli dowam edýän bolsa, Lebapda bu möwsüme zerur taýýarlyklar görülýär. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda sebitlerde şu ýyl açylmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik desgalarynyň gurluşyk ýagdaýlary barada maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, daýhanlaryň yhlasy bilen ýetişdirilen galla hasylyny soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap almagyň we gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna doly laýyk gelmeginiň baş şertdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz amala aşyrylýan ähli işleriň, aýratyn-da täze gurluşyklaryň hiliniň we möhletleriniň berk gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyryp, maslahata gatnaşyjylara anyk wezipeleri ýükledi.