Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bolan Arkadag şäherinde gurulmagy göz öňünde tutulýan senagat zolagyndan telekeçilere ýer berilýär. Ýer almaga isleg bildirýänler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ýüz tutup bilerler. Bu barada TSTB-nyň metbugat gullugy habar berdi..

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 18-nji fewralda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda senagat zolagyny döretmek meselesine hem seredildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa ýaly möhüm ähmiýetli meselä ünsi çekip, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda senagat zolagyny döretmek bilen baglanyşykly meseleleriň içgin öwrenilmelidigini belledi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki zamanyň ekologik talaplaryna laýyk gelýän tikinçilik, ýeňil we azyk senagaty kärhanalarynyň döredilmegi ilatyň iş bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrjakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow fewral aýynyň başynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde sebitde iň iri taslamalaryň biri bolan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurulyp ulanmaga beriljekdigini aýtdy.