Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi neşiri bolan «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýylyň maý aýyna degişli täze sany çapdan çykdy. Žurnalyň bu sanynda ýurdumyzyň durmuşyndaky iň ähmiýetli wakalar, ýaş nesilleriň ylym, medeniýet, sport we döredijilik äleminde gazanan täze üstünlikleri, şeýle hem milli mirasymyz baradaky makalalar jemlenipdir. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Täze sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ulanyşa berlen «Gadamly» atly täze gury ýük gämisi, Döwlet baýdagynyň we Konstitusiýanyň taryhy ähmiýeti barada giňişleýin dänilip geçilýär. Mundan başga-da, Magtymguly etrabyndaky döredijilik duşuşyklaryna hem-de Beýik Watançylyk urşundaky Ýeňşiň 81 ýyllyk baýramyna bagyşlanan ýörite materiallar okyjylara hödürlenilýär.

Neşirde paýtagtymyz Aşgabadyň 145 ýyllyk şanly baýramyna, mukaddes Gurban baýramyna, kämil halyçylyk sungatymyza hem-de döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýörelgelerine aýratyn orun berlipdir. Şonuň bilen birlikde, guralyşy boýunça tapawutlanýan Arkadag şäheriniň sanly ulgama geçiş modeli, emeli aňyň we täze tehnologiýalaryň durmuşymyzdaky ähmiýeti dogrusynda gyzykly maglumatlar paýlaşylýar.

Žurnalyň «Ýaşlar ylym dünýäsi» diýen bölümi ýaş alymlaryň hem-de talyplaryň ylmy-barlag işlerine bagyşlanypdyr. Bu ýerde emeli aň, ekologiýa meseleleri, sanly ykdysadyýet we energetika pudagy boýunça taýýarlanan täze taslamalar tanyşdyrylýar.

Şeýle-de okyjylar neşiriň sahypalarynda dürli dillerde ýazylan makalalar, çeper eserler, taryha hem-de dünýä medeniýetine degişli gyzykly maglumatlar bilen tanyş bolup bilerler. «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň bu gezekki sany hem özüniň baý mazmuny bilen ýaşlary watansöýüjilik, ylym-bilim we belent ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge uly goşant goşýar.