Aşgabatda ýurdumyzyň iň iri we dabaraly çäreleriniň biri bolan “Turkmentextile Expo 2026” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Söwda-senagat edarasynyň giň zallarynda guralan bu gözden geçiriliş milli dokma senagatynyň ýetilen sepgitlerini we innowasion kuwwatyny dünýä jemgyýetçiligine aýdyň görkezýän hakyky gözellik baýramyna öwrüldi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Sergi meýdançasynyň resmi açylyş dabarasy ýokary derejeli ýolbaşçylaryň, diplomatlaryň we daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda boldy. Dabarada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz öz ýüzlenmesinde halkymyzyň baý medeni mirasyny döwrebap innowasiýalar bilen utgaşdyrmagyň türkmen brendleriniň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrýandygyny aýratyn belledi.
Halkara serginiň diwarlyklarynda ykdysadyýetiň döwlet we hususy bölekleriniň bitiren işleri doly beýan edilýär. Dokma senagaty ministrliginiň düzümleriniň görkezýän dünýä belli “Nusaý”, “Bedew”, “Gala”, “Bürgüt” ýaly haryt nyşanly ekologik taýdan arassa egin-eşikleri sarp edijileriň ünsüni ilkinji pursatlardan özüne çekdi. Şeýle-de täze açylan Babadaýhan we Kaka dokma toplumlarynyň ýokary hilli matalary, “Ýeňiş” fabrikiniň köýnekleri serginiň bezegine öwrüldi. Ýakynda pileçilerimiziň 2 müň 100 tonnadan gowrak ýüpek çig malyny taýýandandygy baradaky habar bolsa ýüpekçilik pudagynyň hem täze belentliklere çykýandygyny subut etdi.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem öz gezeginde uly işjeňlik görkezýärler. “Batly gadam”, “Gök saraý” hususy kärhanalarynyň, “Beg Ýüpek” hojalyk jemgyýetiniň döwrebap önümleri, şeýle-de “Abadan haly” kärhanasynyň gözelligi bilen haýran galdyrýan nepis halylary türkmen telekeçiliginiň uly mümkinçiliklerinden habar berýär. Şonuň bilen bir hatarda, “Röwşen” we “Muhammet-Balkan” kärhanalarynyň hakyky deriden taýýarlan döwrebap aýakgaplary hem-de täze aksessuarlary köp sanly myhmanlaryň gyzyklanmasyny gazandy.
Şu ýylky serginiň halkara derejesi has-da ýokarydyr. Çärä Italiýanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Germaniýanyň we ABŞ-nyň dokma enjamlaryny hem-de himiki serişdelerini öndürýän 100-e golaý iri kompaniýalary gatnaşýarlar. Olar uly ösüş durnuklylygyny görkezýän türkmen bazarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly isleg bildirýärler.
Ýarmarkanyň iň gyzykly we dabaraly bölegi bolsa dizaýnerleriň gatnaşmagyndaky moda görkezilişleri boldy. Aşgabadyň modeller öýüniň hem-de Fransiýa, Marokko, Russiýa we Özbegistan ýaly döwletleriň dünýä belli dizaýnerleriniň taýýarlan lybaslary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. ÝUNESKO-nyň sanawyna giren milli keşdeçilik sungatymyzyň döwrebap biçüwler bilen sazlaşmagy modalar äleminde täze bir sahypany açdy. «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna giren Aşgabat şäheri bu çäre arkaly sebitiň gözellik we medeniýet merkezi hökmünde öz ornuny ýene bir gezek berkitdi.
Serginiň çäginde diňe bir täze önümler görkezilmän, eýsem, ussatlyk sapaklary, ikitaraplaýyn duşuşyklar we ylmy maslahatlar hem guralýar. Häzirki wagtda işewür gatnaşyklaryň we täze şertnamalaryň baglaşylýan meýdançasyna öwrülen halkara sergi-ýarmarka 6-njy iýuna çenli dowam eder.