2000-nji ýyldan bäri Aziýa ösüş banky Türkmenistanyň energetika we ulag toplumlaryndaky taslamalara 625 million amerikan dollary möçberde maýa goýdy. Bu barada halkara maliýe edarasynyň Türkmenistan boýunça direktory Artur Andrysýak mälim edýär.
Geçen döwürde Aziýa ösüş banky umumy bahasy 10 million dollara barabar 13 sany granty tehniki kömek hökmünde Türkmenistana gönükdirdi. Diňe geçen ýylda halkara maliýe edarasy Türkmenistanyň energetika düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy we täze elektrik geçirijileriniň gurulmagy üçin 166,4 million amerikan dollaryny karz berdi.
Artur Andrysýagyň mälim etmegine görä, Aziýa ösüş banky we Türkmenistanyň Hökümeti ýurtdaky energetika, ulag, maliýe we saglygy goraýyş pudaklaryndaky taslamalara maliýe serişdelerini gönükdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.
Onuň mälim etmegine görä, Aziýa ösüş bankynyň maýa goýmagynda ýerine ýetirilen Demirgazyk — Günorta demir ýol geçelgesi halkara ýük geçirilişini 2 esse artdyrmaga we 7,1 million tonna ýetirmäge mümkinçilik döretdi. Şeýle hem bu halkara ulag geçelgesi daşky gurşawa zyňylýan kömürturşy gazynyň möçberini 27 müň tonna çenli azaltmaga şert döretdi.
Mälim edilişine görä, Aziýa ösüş banky Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza hökmünde goşulmak işinde goldaw berýär.
Çeşme: www.trend.az