Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygy alamatlandyrýan sene — Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

«Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir we sagdynlykdyr. Sporta söýgi durmuşa söýgüdir. Sport raýatlaryň beden hem-de ruhy sagdynlygy babatda bolşy ýaly, tutuş jemgyýetimiziň sagdynlygy üçinem örän möhümdir. Şoňa görä-de, «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygardan ugur alnyp, ýurdumyzda sport hereketini ösdürmek babatda ähli zerur şertler döredilýär. Siziň baştutanlygyňyzda paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde we welaýatlarymyzda häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, atçylyk sport toplumlary, sport mekdepleri gurlup ulanmaga berildi, döwrebap sport düzümleri döredildi. Ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, ýokary netijeli sporty wagyz etmäge hem üns berilýär. Şeýle binýatlaýyn esasda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport-sagaldyş ulgamyny kemala getirmekde uly üstünlikler gazanylýar» diýip, Gahryman Arkadagymyz belläp geçdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, sport diplomatiýasyny has-da ilerletmek ugrunda alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw etdi.