Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek ugrunda nobatdaky möhüm hem-de strategik başlangyç bilen çykyş etdi. ABŞ-a amala aşyrylan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Aleksandr Zuýew bilen duşuşyp, Aşgabat şäherinde guramanyň Maksatnamalaýyn edarasyny açmak baradaky teklibi jikme-jik tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Bu halkara başlangyç Türkmenistanyň ählumumy we sebit howpsuzlygyny berkitmekde, howplara garşy köpçülikleýin göreşmegiň netijeliligini ýokarlandyrmakda öňe sürýän işjeň syýasatynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyz tarapyndan teklip edilýän bu täze edara geljekde tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin terrorçylyga garşy göreşmek ugrunda iň durnukly bilermenler, seljeriş we utgaşdyryş platformasyna öwrüler.
Gepleşikleriň dowamynda BMG-niň wekilleri Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji daşary syýasat ugruna, öňüni alyş diplomatiýasyna hem-de anyk tekliplerine ýokary baha berdiler. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ýakynda kabul edilen taryhy Kararnamanyň çäklerinde döwletimiz sebit howpsuzlygynyň anyk mehanizmlerini döretmek boýunça özüniň öňdebaryjy ornuny ýene-de bir gezek bütin dünýä görkezdi.