Türkmenistanda 2022-nji ýylda önümleriň eksporty 43,6 göterim ýokarlandy diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterim bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Hususan-da, bu görkeziji senagatda 6,3 göterime, söwdada 8,9 göterime we oba hojalygynda bolsa 5,7 göterime deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistana goýulýan maýa goýumlaryň mukdary 2022-nji ýylda 14,2 göterim ösdi we 4 müň sany täze iş orny döredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň belleýişi ýaly, geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 76 sany önümçilik we durmuş-medeni maksatly desga ulanmaga berildi. Şeýle hem ýurdumyzyň daýhanlary geçen ýyl bol hasyl alyp, içerki azyk howpsuzlygyny doly üpjün etdiler.

Ýurdumyzda geçen ýyl meýdany 1,5 million inedördül metrden hem köp bolan ýaşaýyş jaýlary gurulyp, ulanmaga berildi. Netijede, maşgalalaryň, şol sanda az üpjünçilikli maşgalalaryň müňlerçesi täze jaýlara göçdiler diýip, Döwlet Baştutanymyz nygtady.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny tassyklady. Bu resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,5 göterime ýetirmek göz öňünde tutulýar.