Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny tassyklady. Bu resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,5 göterime ýetirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu resminama laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş ornuny döretmegiň göz öňünde tutulýandygyny mälim etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 19,4 milliard ABŞ dollaryna ýetirmegiň maksat edilýändigini aýtdy.

Mundan başga-da, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek göz öňünde tutulýar. Jemi içerki önümiň düzüminde (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) hususy pudagyň paýyny 71,3 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär.

Bu resminama “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň 2022-nji ýylda jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy.