«Watan» habarlary gepleşiginde aýdylyşy ýaly, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine Muhammetgeldi Serdarowyň ýerine Serdar Joraýew bellenildi.
Şeýle hem ministrligiň täze ýolbaşçysyna şol bir wagtda Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipesi ynanyldy. Täze wezipä bellenilmeginden ozal, Serdar Joraýew maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary bolup işleýärdi.
Muhammetgeldi Serdarow başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşadyldy.