Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji maýda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda ýurduň ulag-kommunikasiýa toplumyny döwrebaplaşdyrmak we demir ýol ulgamyndaky hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak meselelerine-de seredildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew ýurduň demir ýol ulagy pudagynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda bu ulgama halkara ülňülere laýyk gelýän döwrebap tehnikalaryň yzygiderli ornaşdyrylýandygy, ilata ýokary hilli we medeniýetli hyzmat etmek maksady bilen, ulanylýan ýolagçy wagonlaryny düýpli abatlamak boýunça degişli çäreleriň görülýändigi bellenildi. Bu ugurdaky taslamalar öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär we wise-premýer şuňa degişli teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmagyň we ýolagçylara hyzmat etmegiň hilini hemişe ýokary derejede saklamagyň möhümdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolagçy wagonlaryny düýpli abatlamak barada hödürlenen teklibi makullady hem-de bu ugurda meýilleşdirilen işleri talabalaýyk durmuşa geçirmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.