Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji maýda sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda ýurtda sagdyn durmuş ýörelgelerini durnukly ösdürmäge we saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmäge degişli möhüm meselelere hem seredildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Hökümetiň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzda guraljak bedenterbiýe-sport çärelerine görülýän taýýarlyklar barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 3-nji iýunda paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramak, şeýle hem 30-njy maý — 3-nji iýun aralygynda ähli welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde sport ýaryşlaryny, ylmy-amaly maslahatlary hem-de wagyz-nesihat çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bütindünýä welosiped gününiň sagdynlygyň we bagtyýarlygyň halkara sport baýramydygyny belledi hem-de wise-premýere bu sene mynasybetli dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Wise-premýer hasabatyny dowam edip, “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýany” tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi. Bu taslama ynsan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmagyň hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmegiň wajypdygyny nygtap, ilat arasynda ýokanç däl keselleriň öňüni almaga gönükdirilen täze Milli strategiýany tassyklamak baradaky resminama gol çekdi we bu ugurdaky işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy.