Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 22-nji maýda sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Mejlisiň dowamynda ykdysadyýet we maliýe ulgamyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakyndaky Karara gol çekildi. Şeýle hem Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek hem-de ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy boýunça gepleşikleri geçirjek Milli gepleşik toparyny döretmek baradaky teklipler goldanyldy.
Oba hojalygy baradaky hasabatyň çäginde döwlet Baştutany ýurtda galla oragyna başlamaga ak pata berdi. Resmi çözgüde laýyklykda, orak möwsümi Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 3-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 10-njy iýunda başlar.
Gurluşyk we saglygy goraýyş ulgamlary boýunça hem möhüm ädimler ädildi. Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda täze mekdepleri, çagalar bagyny we saglyk öýüni gurmak baradaky Karara, şeýle hem "Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýany" tassyklamak hakyndaky resminama gol çekildi.
Medeni-köpçülikleýin çäreleriň hatarynda Türkmen halysynyň baýramyna, Bütindünýä welosiped gününe we iýun aýynda belleniljek beýleki şanly senelere görülýän taýýarlyklar barada hasabatlar diňlenildi. Mundan başga-da, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen bitaraplyk syýasatyna degişli täze Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi mälim edildi.
Mejlisiň ahyrynda döwlet Baştutany raýatlary Aşgabat şäheriniň güni we "Soňky jaň" dabarasy bilen gutlady. Şeýle hem Gurban baýramynyň 27-28-29-njy maýda belleniljekdigini aýdyp, degişli Permana gol çekdi.