Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow 21-nji maýda Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Spikeri Eisuke Mori bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesine guwandyryjy baha berildi hem-de hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejedäki saparlaryň taryhy ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa bolan saparynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýyldaky saparlarynyň iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyga uly itergi berendigi bellenildi.

Duşuşykda parlamentara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň anyk ugurlaryna seredildi. Taraplar Parlamentara dostluk toparynyň işini güýçlendirmek, Aşgabatda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň birinji parlamentara forumyny guramak hem-de iki ýurduň zenan parlamentarileriniň arasynda saglygy goraýyş, bilim we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk gurallaryny döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.