Pekin şäherinde 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirilen Türkmen-hytaý işewürler forumynyň we sergisiniň netijelerine bagyşlanan tanyşdyryş çäresi guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Çäräniň açylyşynda çykyş etmek bilen, ilçi Parahat Durdyýew ýurdumyzyň dürli pudaklaryndaky möhüm maliýe taslamalary, Aşgabatdaky sergide öndürijiler we olaryň önümleri bilen tanyşmagyň hem-de geçirilen gepleşikleriň netijesinde hytaý kärdeşlere öz maýa goýumlary bilen türkmen taslamalaryna gatnaşmaga we eksport-import amallaryny işjeňleşdirmäge çagyrdy.

Tanyşdyryş çäresinde şeýle hem Szýaoçžou şäheriniň häkimi Zhou Lin, Hytaýyň kärhanalaryny daşary ýurtlarda ösdürmek boýunça assosiasiýasynyň (CODA) Baş sekretary Jiang Yun, Hytaý–Türkmenistan medeniýet merkeziniň direktory Li Zan çykyş etdiler.

Çykyş edenler Aşgabatda guralan forumyň çäklerinde geçirilen B2B we B2G görnüşindäki duşuşyklaryň, tematiki mejlisleriň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Hytaýyň kärhanalaryny daşary ýurtlarda ösdürmek boýunça assosiasiýasynyň wekilleri iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmen-hytaý işewürler forumyny we sergisini her ýylda yzygiderli geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.