Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Diýarymyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
«Ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bellenilýän ýylda bu şanly sene aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň milli gymmatlyk hökmündäki ornuny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde Konstitusiýa binasy, Baş baýdak meýdançasy, Arkadag şäherinde, welaýat merkezlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda baýdak meýdançalary döredildi. Bu ajaýyp baýrama gabatlanyp, eziz Watanymyzyň ösüşine, döredijilikli içeri we daşary syýasatyna, ähli ulgamlarda giňden ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmelere gönükdirilen milli maksatnamalaryň ähmiýetine bagyşlanan maslahatlary, medeni-jemgyýetçilik çärelerini geçirmek asylly däbe öwrüldi.
Siziň: «Watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny belende göterýän mukaddeslikler hökmünde aýratyn sarpa goýýan Esasy Kanunymyzyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň galkyndyryjy güýji bilen bu gün — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp geljegimizi gurýarys» diýip belleýşiňiz ýaly, Esasy Kanunymyzda öz beýanyny tapan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri, milli döwletlilik ýolumyz täze taryhy döwürde has-da rowaçlanýar. Siziň baştutanlygyňyzda alnyp barylýan ykdysady strategiýa laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň geljekki ösüşlere we halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga tarap ýolda ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.