Şu günlerde giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň dabaralary ýurdumyzyň günbatar sebitini jähekläp oturan Balkan welaýatynyň çar künjeginde belentden tutulýar. Şeýle dabaralaryň biri welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Çäksiz söýgä, egsilmez buýsanja eýe bolan dabarada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki barha artýan at-abraýydyr şan-şöhraty, günsaýyn dowamat tapýan täze-täze rowaçlyklar, gazanylýan nusgalyk üstünlikler dogrusynda buýsançly bellenip geçildi. Şeýle-de taryhy eýýamymyzyň beýik ösüşlerinden ruhlanan talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş, hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň, teatr ussatlarynyň, talyp ýaşlarynyň uly joşgunda ýerine ýetiren aýdym-sazlary-da dabara gatnaşyjylaryň şatlyk-şowhunyny arşa göterdi. Buýsançly çykyşlarda döwlet Baştutanymyzyň paýhasyndan nurlanan toýly ülkämiziň, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň tarypy ýetirildi.