Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, bu ýerde alnyp barylýan düýpli döwrebaplaşdyryş işleri bilen tanyşdy. Köpetdagyň etegindäki bu künjekde gurluşyk işleriniň depgini we olaryň halkara standartlara laýyklygy barada giňişleýin maglumat berildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Milli Liderimiz toplumyň merkezi girelgesini, bezeg aýratynlyklaryny we ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylyşyny gözden geçirdi. Gahryman Arkadagymyz binalaryň bezeginde reňkleriň sazlaşygyna we gurluşyk serişdeleriniň hiline aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şeýle hem toplumyň tebigy aýratynlyklar bilen utgaşykly bolmagynyň möhümdigini belledi.

Iş saparynyň dowamynda topluma gelýän täze ýoluň gurluşygy barada hasabat berildi. On gatlakdan ybarat bolan bu ýoluň gurluşygynda sebitde ilkinji gezek ulanylýan döwrebap usullar we ýokary hilli serişdeler peýdalanylýar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow ýol belgileriniň, yşyklandyryş we suw sowujy ulgamlaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini nygtady.

Gahryman Arkadagymyz at çapyşyklaryny synlamak üçin niýetlenen münberleri we tomaşaçylar üçin döredilýän şertleri hem barlady. Ol çapuw ýollaryna türkmen sährasynyň çägesiniň düşelmegine ýokary baha berip, bu usulyň bedewleriň saglygy üçin peýdalydygyny aýtdy. Şeýle-de açyk we ýapyk manežlerde sanly ulgamyň hem-de emeli aňyň mümkinçilikleriniň peýdalanylmagy, atlaryň saglygyna yzygiderli gözegçilik edilmegi boýunça maslahat berdi.

Milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny artdyrmakda bu toplumyň ähmiýetiniň uludygyny belläp, athanalarda sanly ulgam arkaly amatly howa gurşawynyň we iýmlendiriş ulgamynyň döredilmelidigini aýtdy. Mundan başga-da, bu ýerdäki täzeçil gurluşyk tejribelerini Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda ulanmak boýunça degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.