Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 8-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek meseleleri üns merkezinde boldy. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa giňişleýin maglumat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Parlamentiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda döredilen iş toparlary tarapyndan halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna we milli maksatnamalara laýyklykda birnäçe täze kanun taslamalary taýýarlanylýar. Hasabatda gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy we döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly resminamalaryň üstünde işlenilýändigi nygtaldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş we Gümrük kodekslerini döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler hasabatyň möhüm bölegi boldy. Deputatlaryň halkara guramalar, aýratyn-da, Ýewropa Bileleşiginiň we ÝHHG-nyň wekilhanalary bilen bilelikde guralýan okuw maslahatlaryna gatnaşmagy kanunçylyk işinde dünýä tejribesini ulanmaga ýardam edýär.

Deputatlaryň ýerlerde halk bilen duşuşyp, raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini öwrenmek boýunça alyp barýan işlerine hem aýratyn orun berildi.

Döwlet Baştutanymyz döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanunçylyk namalarynyň taýýarlanylmagynyň döwletimiziň yzygiderli ösüşi üçin binýatlyk ähmiýete eýedigini belledi we bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.