Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 7-nji maýda ýurdumyza sapar bilen gelen Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri hanym Mariam Kwriwişwilini kabul etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Gruziýa bilen ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlukly we netijeli gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk döwletara dialogyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Energetika, senagat, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlykda oňyn netijeler gazanyldy. Ulag-logistika ulgamy hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugrudyr. Türkmenistan halkara ulag geçelgeleriniň üpjünçilik ulgamlaryny yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi Aziýa ýurtlaryny Gara deňiz sebiti we Ýewropa bilen birleşdirmekde oňyn şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «Hazar deňzi — Gara deňiz», «Lapis Lazuli», «Ýaşyl» port» ýaly taslamalary durmuşa geçirmegiň we ösdürmegiň möhüm ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň ornuna aýratyn ünsi çekip, toparyň nobatdaky mejlisiniň netijeleriniň bilelikdäki tagallalary birleşdirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halklary ýakynlaşdyrmakda hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda uly ornuny bellediler.