Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Finlýandiýanyň Martti Ahtisaari adyndaky Parahatçylyk gaznasynyň bilermenleriniň ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýokary okuw mekdebiniň Strategik barlaglar boýunça merkeziniň ylmy işgärleri bilen duşuşygy boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr». elektron gazetinde habar berildi.
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça merkeziniň ylmy işgärleri bilen geçirilen duşuşyk açyklyk we özara ynam ýagdaýynda geçdi.
Merkeziň direktory, ilçi Şiri Şiriýew myhmanlara öz ýolbaşçylyk edýän edarasynyň işi barada maglumat berdi. Ol merkeziň ylmy işgärleriniň gatnaşan maslahatlary, duşuşyklary barada gysgaça durup geçmek bilen, soňky döwürde işjeň gatnaşyklar ýola goýlan beýleki ýurtlaryň seljerijileri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada habar berdi we iş tejribesini paýlaşdy.
Finlýandiýaly bilermenler bilen geçirilen söhbetdeşlige merkeziň işgärleri Bekdurdy Amansaryýew, Allaberdi Nyýazow we Orazmuhammet Annabaýew hem gatnaşdylar.
Gaznanyň hünärmenleri bilen Türkmenistanyň DIM-niň Strategik barlaglar boýunça merkeziniň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, degişli Ähtnama gol çekmäge taýýarlyk görülýär.