2023-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, halk maslahatynyň bäşinji çagyrylyşynyň welaýat, etrap, şäher agzalarynyň, Geňeşiň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Bu barada «Watan» habarlary gepleşiginde aýdyldy.
«Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryny 2023-nji ýylyň 26-njy martynda, dynç güni bellemek hakynda» degişli karar türkmen parlamentiniň kanun çykaryjy palatasy tarapyndan kabul edildi.
Türkmenistanda ozalky parlament saýlawlary 2018-nji ýylda geçirildi. Mejlisiň 125 deputatlarynyň ornuna Demokratik, Agrar partiýalardan, senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, şeýle hem meýletinçi raýat toparlarynda jemi 284 dalaşgär hödürlenildi.