Türkmenistanyň Mejlisinde 2026-njy ýylyň 4-nji maýynda ýanwar-aprel aýlarynyň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Onda ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilen işler ara alnyp maslahatlaşyldy we öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi.
Bellenişi ýaly, hasabat döwründe Mejlisiň nobatdaky maslahaty geçirilip, onda raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, kärhanalarda, edaralarda, guramalarda buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa gullugynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryna seredildi we kabul edildi.
Maslahatda şu ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek çärelere ýokary derejede taýýarlyk görülmegine we geçirilmegine, bu işlere Mejlisiň deputatlarynyň işjeň gatnaşmagynyň möhümligine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, Mejlisde döredilen ýörite iş toparynyň ähli tagallalary etmelidigi bellenildi.
Şeýle hem maslahatda edilen çykyşlarda halkara guramalar we dünýä ýurtlarynyň parlamentleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we ýurdumyzyň döwlet syýasatyny parlament diplomatiýasy arkaly goldamak bilen, parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýeti barada durlup geçildi.