Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky «Magtymguly Pyragy» muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Bu çäre Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi hem-de gazeti-žurnallaryň redaksiýalary tarapyndan bilelikde guraldy.

Dabara gatnaşyjylar bagşylaryň, tans we folklor toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna, şeýle-de welaýat drama teatrynyň sahnalaşdyran oýunlaryna tomaşa etdiler.

Myhmanlar Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýup, muzeýiň eýwanynda guralan amaly-haşam sungatynyň sergisini synladylar.

Dabaranyň esasy çäresi muzeýiň mejlisler zalynda dowam etdi. Bäsleşikleriň ýeňijilerine hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şahyryň dogduk obasy bolan Gerkeze baryp gördüler.