2023-nji ýylyň ilkinji aýynda Türkmenistanda hereket edýän plastik bank kartlarynyň sany 5 177 006-e ýetdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi bankynyň metbugat gullugy habar berýär.
2020-nji ýylyň başynda ýurdumyzda 3 million 941 müň 320 plastik kartlary hereket edýärdi. 2022-nji ýylyň ýanwarynda olaryň sany 4 million 770 müň 961-e deň boldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi banky ýylyň başynda ilata hyzmat edýän bankomatlaryň sanynyň 2144-e, töleg terminallarynyň bolsa 42131-e ýetendigini belledi.
Häzirki wagtda «Internet-bank» hyzmatyny ulanyjylaryň sany 932 müň 730, «Mobil bank» hyzmatyndan peýdalanyjylaryňky bolsa– 60 müň 654 adama deňdir.
Türkmenistanda 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi dowam edýär. Ol 2021-nji ýylyň başynda ýurduň sanly ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak we ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen kabul edildi.