2023-nji ýylyň ilkinji hepdesiniň dowamynda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 24 millionyna deň bolan jemi 16 geleşik baglaşyldy. Bu barada ýurduň resmi habar beriş serişdeleri tarapyndan habar berildi. 

 «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernlerinde öndürilen tehniki kükürt hem-de suwuklandyrylan gaz daşary ýurt puluna türkiýeli we owganystanly telekeçiler tarapyndan satyn alyndy.

Azerbaýjanly işewürlere dollar serişdeleriniň hasabyna nah ýüplügi ýerlenildi. 

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň täjirleri nah ýüplügini satyn aldylar. Söwda geleşikleriniň umumy bahasy 12 million manatdan gowrak boldy.