Türkmenistanyň maliýe ulgamy döwrebap tehnologiýalary özleşdirmegini, dürli hyzmatlar üçin tölegleri terminallaryň üsti bilen uzak aralykdan amala aşyrmak üçin goşundylary ornaşdyrmagyny dowam edýär, geçirimleriň göwrümi artýar we ösýär.
2022-nji ýylyň 11 aýynda Türkmenistanda «Elektron täjirçilik» ulgamy boýunça nagt däl tölegleriň umumy möçberi 541,69 million manat, bank kartlary boýunça nagt däl dolanyşygynyň möçberi bolsa 12,9 milliard manat boldy.
Mundan başga-da, geçen ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda «Ykjam(mobil) bank» ulgamy boýunça tölegleriň möçberi 12,4 million manada, «Internet-banking» ulgamy boýunça – 1,5 million manada deň boldy.