Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 29-njy aprelde ýurdumyza sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Söhbetdeşler abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki özara hyzmatdaşlyga ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlaryny goldaýandygy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň möhüm Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş edýändigi üçin Seýşeller Respublikasynyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyna ünsi çekip, ýangyç-energetika toplumyny, himiýa we dokma senagatyny, oba hojalygyny geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezdi. Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, seýşeller tarapyny ýurdumyzda geçirilýän sergilere we halkara maslahatlara işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, hususan-da, syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan ýene bir mesele boldy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda tejribe alyşmak hem-de geljekde syýahatçylygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça seýşeller tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.