Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 28-nji aprelde ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň halkara durmuşynda bolup geçen möhüm wakalara bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Brifingiň dowamynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýyklykda alnyp barylýan halkara işleriň esasy ugurlaryny beýan etdi.

Ministr Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurt saparlarynyň aýratyn ähmiýetini belledi.

Daşary işler ministri türkmen halkynyň Milli Lideriniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Hytaý Halk Respublikasyna hem-de Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparlarynyň netijelerine aýratyn üns berdi.

Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygy aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem brifingiň dowamynda daşary ýurtlaryň ilçileri we halkara guramalaryň wekilleri öz teswirleri bilen çykyş etdiler.