Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2023-nji ýylyň şygary «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen ýylda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde üstümizdäki ýylyň şygaryny tassyklady. Mejlisde täze ýylyň şygary bilen birlikde, nyşany hem tassyklanyldy.
2022-nji ýyl ýurdumyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygar astynda geçdi.