Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 27-nji aprelde sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirip, ýurdumyzyň oba hojalygyndaky möwsümleýin işleriň barşyna we welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine garady. Maslahata wise-premýer Taňryguly Atahallyýew we welaýat häkimleri gatnaşyp, ýerlerde bitirilýän işler barada hasabat berdiler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Welaýatlaryň häkimleri öz hasabatlarynda bugdaý meýdanlaryna ideg etmek, galla oragyna tehnikalary we elewatorlary taýýarlamak, gowaça ekişini tamamlamak hem-de gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi işlerini geçirmek boýunça görülýän çäreler barada maglumat berdiler. Şeýle hem ýüpek gurçuklaryna ideg edilişi we medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy barada durup geçdiler.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli işleriň agrotehniki möhletlerde we ylmy esasda ýerine ýetirilmelidigini nygtady. Prezidentimiz gowaça ekişini bellenen wagtda tamamlamagy we galla oragyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda goýdy.
Wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyz boýunça dowam edýän oba hojalyk işleriniň umumy ýagdaýy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz pudagyň milli ykdysadyýetdäki we azyk howpsuzlygyndaky ähmiýetini belläp, wise-premýere bu ugurdaky işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Maslahatyň dowamynda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşyk hiline aýratyn üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz täze binalaryň gurluşygynyň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanmagy boýunça häkimlere anyk görkezmeleri berdi.
Iş maslahatynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýygnananlara halkymyzyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.