Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, 27-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyň barşynda öňde boljak ýokary döwlet we hökümet derejesindäki duşuşyklar bilen bagly meselelere seredildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Şu ýyl Malaýziýanyň nebitgaz ulgamynda uly iş tejribesi bolan «PETRONAS» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyna 30 ýyl dolýandygy hem nygtaldy.

Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň we Malaýziýanyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň netijeliligi tassyklanyldy. Türkmen hünärmenleriniň Malaýziýanyň tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ugry boýunça okuw maslahatlaryna we seminarlaryna gatnaşýandyklary barada hem aýdyldy.