Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda jemi 16 geleşik baglaşylyp, olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 19 million 904 müň dollaryna deň boldy. 

Owganystanyň täjirleri tarapyndan daşary ýurt puluna Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjy hem-de «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suw arkaly arassalanan dizel ýangyjy satyn alyndy.

Şeýle hem dollar serişdeleriniň hasabyna azerbaýjanly işewürlere nah ýüplügi ýerlenildi.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri nah ýüplügini satyn aldylar. Söwda geleşikleriniň umumy bahasy 8 million 956 müň manat boldy.