Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 24-nji aprelde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri, şol sanda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak we önüm öndürijileri maliýe taýdan goldamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hasabatda sebitleri ösdürmek, ilatyň iş üpjünçiligini we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli çäreler bellenilip geçildi.

Hususan-da, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek hem-de gaýtadan işlemek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça täze teklipler hödürlendi. Bu çäreler oba hojalyk we hyzmatlar ulgamynda işleýän telekeçileri hem-de kärhanalary höweslendirmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, oba hojalyk önüm öndürijilerine maliýe goldawyny bermegiň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere sebitleri ösdürmek we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.